Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi
March 27, 2026 18:44 • UTC+5 (Ashgabat) • 48 views

2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.