Türkmenistanda alkogol we temmäki önümleriniň dolanyşygy üçin jogapkärçilik güýçlendirildi
April 17, 2026 19:18 • UTC+5 (Ashgabat) • 8 views

2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Türkmenistanda akiz markasy bolmadyk ýa-da degişli ygtyýarnamasyz (lisenziýasyz) alkogol we temmäki önümleriniň dolanyşygy üçin jerimeler düýpli ýokarlandyrylýar. Täze kadalara görä, bikanun önümçilik we söwda bilen meşgullanýan ýuridiki şahslar üçin jerime 100 binýatlyk mukdara çenli ýetip biler we harytlaryň döwletiň haýryna geçirilmegi (konfiskasiýa) göz öňünde tutulýar.