Dünýä
Iň işjeň portlar
February 13, 2026 11:05 • UTC+5 (Ashgabat) • 44 views

Dünýäniň iň işjeň portlarynyň sanawynda Hytaýyň sekiz porty birinji onluğa girýär. Ilkinji orny Ninbo-Çžouşan porty eýeleýär. Portlar ýükleriň daşalmagy, saklanmagy we beýleki gämilere geçirilmegi üçin işjeň ulanylýar we global ykdysadyýetde möhüm rol oýnaýar. Iň işjeň portlar: Tanşan, Singdao, Şanhaý (Hytaý), Singapur (Singapur), Hedlend (Awstraliýa), Guançžou, Suçžou, Tianszin we Žiçžao (Hytaý).
Dünýäniň iň işjeň portlarynyň sanawy taýýarlandy. Ilkinji onluga Hytaýyň sekiz porty girdi. Bu ýurduň Çžeszýan welaýatyndaky Ninbo-Çžouşan porty birinji ýeri eýeledi. Sanawa Ýewropadan port girmedi. Hytaý portlary ýükleriň düşürilip-ýüklenmegi üçin has elýeterli bahalary bilen tapawutlanýar. Bu bolsa, hytaý portlaryna islegi artdyrýar. Portlar diňe ýükleriň getirilýän ýa-da äkidilýän däl-de, düşürilip, ammarda saklanýan, başga gämilere geçirilýän ýeri hökmünde işjeň ulanylýar. Şeýle bolansoň, portlar bütin dünýäde harytlaryň we hyzmatlaryň üpjünçiliginiň üznüksiz bolmagynda uly ähmiýete eýe bolup, ykdysadyýet bilen hem gönüden-göni baglydyr.
Dünýäniň iň işjeň portlaryna Tanşan, Singdao, Şanhaý (Hytaý), Singapur (Singapur), Hedlend (Awstraliýa) Guançžou, Suçžou, Tianszin we Žiçžao (Hytaý) girýär.