Jemgyýet
Ýük daşaýan elektrowelosiped
February 27, 2026 10:54 • UTC+5 (Ashgabat) • 28 views

Fransiýanyň Decathlon kompaniýasy täze «Btwin E-Three 500» elektrowelosipedini hödürledi. Ulag 80 kg çenli ýüki sagatda 25 km tizlik bilen daşap bilýär we akkumulýatory 90 km çenli ýol geçmäge ýetýär.
Fransiýanyň «Decathlon» kompaniýasynyň inženerleriniň öndüren elektrowelosipedleri alyjylaryň ösen islegine eýe boldy. «Btwin E-Three 500» diýlip atlandyrylan bu ulaglaryň esasy aýratynlygy ýük daşamak mümkinçiliginiň ýokarylygydyr. Şeýle-de bu elektrowelosipedleriň doly kuwwatlandyrylan akkumulýatorlaryň güýji 90 kilometre çenli ýoly geçmäge ýetýär. Ýagny olarda sagatda 25 kilometr tizlik bilen 80 kilograma çenli ýükleri daşamak mümkindir. Ýenede şäher içine harytlary eltip bermek üçin niýetlenen bu ulaglarda çagalary mündürmek, uly göwrümli ýükleri we ýantorbalary ygtybarly ýerleşdirmek mümkinçilikleri hem göz öňünde tutulandyr.