Saglyk
Bedeni kuwwatlandyrýan önümler
February 14, 2026 15:59 • UTC+5 (Ashgabat) • 60 views

Sarymsak holesterini peseldýär we damarlary arassalaýar. Düýp sogan immuniteti güýçlendirýär we iýmit siňdirişi gowulandyrýar. Kelem A, C, K witaminlerine baý bolup, aşgazan-içege ulgamy we süňkler üçin peýdalydyr.
Sarymsak — ganyň düzümindäki holesteriniň derejesini peseldýär, damarlary arassalaýar, inçekesel taýajyklaryny ýok edýär, işdäni açýar, iýmit siňdiriş fermentleriniň bölünip çykmagyny güýçlendirýär. Düzümindäki kalsiý süňkleriň hem-de dişleriň sagdyn bolmagyny üpjün edýär.
Düýp sogan — zyýanly bakteriýalary ýok edýär, işdäni açýar, iýmit siňdirişi gowulandyrýar. Düýp sogan şekere, kalsä we fosfor duzlaryna, kletçatka, organiki turşulara, fermentlere, azotly maddalara baýdyr.
Kelem — düzüminde bar bolan A, C we K witaminleri bilen immuniteti güýçlendirmäge ýardam edýär, işdäni açýar, aşgazany, içegeleri dürli kesellerden goraýar we süňkleri berkidýär. Onuň düzümindäki askorbin turşusy limondyr pyrtykalyňkydan hem köpdür.