Syýasat
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana hoşallyk bildirdi
March 12, 2026 08:46 • UTC+5 (Ashgabat) • 23 views

Lee Jae-myung Türkmenistanyň Eýranda bolan koreýaly raýatlaryň ewakuasiýasyna beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon ýurduň Eýrandaky raýatlaryny ewakuasiýa etmäge beren kömegi üçin, türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Diwanyna salgylanyp, «The Korea Times» neşiri habar berdi.
Hatda türkmen tarapynyň hyzmatdaşlygy netijesinde Eýranda bolan Koreýa Respublikasynyň 25 sany raýatynyň hem-de koreýalylaryň eýranly maşgala agzalary bolan 4 adamyň geçen hepde serhetden geçip, Türkmenistana gelendigi bellenilýär.
Prezident ewakuasiýa wagtynda Türkmenistanyň beren goldawynyň iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli dostlugy we ynamyň ýokary derejesini nobatdaky gezek subut edendigini belleýär.