Sport
Türkmen türgen gyzlary Aziýa oýunlarynyň ýarym finalynda!
April 28, 2026 16:59 • UTC+5 (Ashgabat) • 9 views

Türkmenistanyň zenanlar gandbol ýygyndysy Sanýada geçirilýän VI Aziýa çägäniň oýunlarynda ýarym finala çykdy! Gyzlarymyz Şri-Lankany ýeňip, Mongoliýany dartgynly duşuşykda utup, indi Wýetnam bilen final ugrunda bäsleşer.
Hytaý Halk Respublikasynyň günortasyndaky aýdyň asmanly we owadan tebigatly Sanýa şäherinde (Haýnýan adasy) dowam edýän VI Aziýa çägäniň oýunlarynda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy uly üstünlik gazandy. Gündogar sport äleminde uly orny bolan bu ýaryşda biziň gyzlarymyz gandbol boýunça ýarym finala çykmagy başardylar.
Zenanlaryň arasyndaky gandbol ýaryşyna jemi sekiz sany güýçli topar gatnaşyp, olar iki topara bölündiler. Türkmenistanyň ýygyndysy "B" toparynda Hytaýyň, Mongoliýanyň we Şri-Lankanyň toparlary bilen bäsleşdi.
Türgenlerimiziň geçiren duşuşyklary şeýle boldy:
- Birinji tapgyr: Gülendam Narbaýewanyň we Marina Diwanowanyň tälimçilik edýän topary Şri-Lankanyň ýygyndysyny iki setde hem ynamly ýeňdi (12:10 we 8:4).
- Ikinji tapgyr: Ýaryşyň eýeleri bolan Hytaýyň toparyna garşy oýunda gyzlarymyz ýeňliş däl-de, tejribe topladylar (3:16, 13:22).
- Üçünji tapgyr: Iň gyzykly pursatlar Mongoliýanyň ýygyndysy bilen bolan oýunda ýüze çykdy. Birinji seti 14:16 hasabynda aldyran gyzlarymyz, ikinji setde 12:10 hasabynda öňe saýlandylar. Duşuşygyň ykbaly 11 metrlik jerime urgularyna (bullit) galdy we bu ýerde biziň türgenlerimiz 10:4 hasabynda has takyk boldular.
Toparynda ikinji orny eýelän Türkmenistanyň ýygyndysy ýarym finalda "A" toparynyň ýeňijisi — Wýetnamyň topary bilen güýç synaşar. Wýetnamlylar häzirki wagta çenli Tailandyň, Gonkongyň we Filippinleriň ýygyndylaryny utmagy başardylar. Beýleki ýarym final duşuşygy bolsa Hytaý bilen Tailandyň arasynda bolar.
Olimpiýa geňeşiniň howandarlygynda geçirilýän bu oýunlar dünýäde barha meşhurlyk gazanýar. Şu ýylky oýunlar COVID-19 pandemiýasy sebäpli birnäçe gezek yza süýşürilip, ahyry 10 ýyllyk arakesmeden soň (2016-njy ýyldaky Danang oýunlaryndan soň) dabaraly ýagdaýda geçirilýär.
Käbir gyzykly maglumatlar:
- Sanýa şäheri Hytaýda bu oýunlary kabul edýän ikinji şäher boldy.
- Ýaryşa 45 ýurtdan türgenler gatnaşyp, olar sportuň 14 görnüşi boýunça 62 medal toplumy ugrunda bäsleşýärler.
- Türkmenistan bu oýunlara 2010-njy ýyldan bäri gatnaşyp gelýär we şu wagta çenli umumylykda 27 sany medal (3 altyn, 8 kümüş we 16 bürünç) gazanmagy başardy.
Häzirki wagtda Sanýadaky ýaryşlarda ýurdumyza on sany gaýratly türgen gyzarymyz gandbol sporty boýunça wekilçilik edýärler. Biz hem türgenlerimize ýarym finalda üstünlik we ýeňiş arzuw edýäris!