Sport
2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty: Ýewropa saýlama tapgyrynda ýene 8 duşuşyk geçirildi
October 11, 2025 08:51 • UTC+5 (Ashgabat) • 33 views
2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň Ýewropa saýlama tapgyrynyň çäklerinde ýene sekiz duşuşyk geçirildi.
Report agentliginiň habar bermegine görä, D toparynda Islandiýanyň milli ýygyndysy öz meýdançasynda Ukrainanyň ýygyndysyny kabul etdi.
A toparynda Germaniýa bilen Liýuksemburg duşuşdy, B toparynda bolsa Şwesiýanyň we Şweýsariýanyň ýygyndylary ýeňijini anyklady.
2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyry – 10-njy oktýabrda geçirilen duşuşyklar:
A Topary- Germaniýa – Liýuksemburg: 4:0
- Demirgazyk Irlandiýa – Slowakiýa: 2:0
B Topary- Şwesiýa – Şweýsariýa: 0:2
- Kosowo – Sloweniýa: 0:0
D Topary- Fransiýa – Azerbaýjan: 3:0
- Islandiýa – Ukraina: 3:5
J Topary- Gazagystan – Lihtenşteýn: 4:0
- Belgiýa – Demirgazyk Makedoniýa: 0:0