Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň usullary boýunça maslahat geçiriler
January 22, 2026 12:18 • UTC+5 (Ashgabat) • 20 views

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 30-njy ýanwarda «Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň döwrebap usullary: ylmy barlaglar we täze garaýyşlar» atly okuw-usuly maslahatyny geçirer. Maslahat mugallymlaryň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek we tejribelerini giňeltmek maksady bilen guralýar.