Bilim
Sanlaryň dünýäsini boýun eden ýaşlar: Türkmenistanyň halkara matematika ýeňişleri
March 31, 2026 10:31 • UTC+5 (Ashgabat) • 62 views

OMOUS-2026 halkara olimpiadasynda Türkmenistanyň talyplary uly üstünlik gazandy 🏆
Ýurdumyzyň ýaşlary 198 medal (33 altyn, 69 kümüş, 96 bürünç) eýeläp, toparlaýyn hasapda hem 13 medal gazandylar. Bu ýeňişler ýaşlaryň matematika we tehnologiýa ugurlarynda ýokary taýýarlygyny görkezýär.
24 — 28-nji mart aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde VI Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS-2026) üstünlikli geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň 9-synyň, şol sanda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Gresiýanyň, Wengriýanyň, Eýranyň, Niderlandlaryň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň 560-a golaýy wekilçilik etdi. Halkara olimpiadada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary iň ýokary netijäni görkezip, A we B derejelerde 33 altyn, 69 kümüş, 96 bürünç, jemi 198 medal, şeýle hem toparlaýyn bäsleşikde 2 altyn, 5 kümüş, 6 bürünç, jemi 13 medal gazandylar.
Jennet Joraýewa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby: Olimpiadada takyk ylymlaryň binýatlaýyn ugry bolan matematika dersi boýunça bilimlerimizi we başarnyklarymyzy synadyk. Bäsleşik matematika we kompýuter tehnologiýalary ugurlaryna gönüden-göni degişli bolan A derejede hem-de inženerçilik, tehnologiýalar, ykdysadyýet we dolandyryş ýaly, matematika dersi bilen gytaklaýyn baglanyşygy bolan ugurlar boýunça B derejede, şeýle hem toparlaýyn görnüşde geçirildi. Şunda altyn medala mynasyp bolmagym bilim-başarnyklarymyzy kämilleşdirmegimize uly itergi berýär. Bu olimpiada daşary ýurtly deň-duşlarymyz bilen tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança boldy.