Ykdysadyýet
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine 100-e golaý türk kompaniýasy gatnaşar
January 31, 2026 11:30 • UTC+5 (Ashgabat) • 20 views

Aşgabatda Fewral aýynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler. Takmynan 100 türk kompaniýasy öz önümlerini tanyşdyrar.
Fewral aýynda paýtagtymyzda geçiriljek Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 100-e golaýy hasaba alyndy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 30-njy ýanwarda geçirilen nobatdaky mejlisinde hasabat beren wise-premýer N.Atagulyýew belledi.
Bellenilişi ýaly, bu kompaniýalar enjamlary we tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş, sowadyş ulgamlaryny, himiki serişdeleri, demir önümlerini, elektron harytlary, beýleki önümleri öndürijiler we eksport edijiler bolup durýarlar. Şolaryň arasynda gurluşyk, energetika, logistika, bilim ýaly ulgamlara ýöriteleşen düzümler hem bar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini we bu ugurda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda geçiriljek Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.