Jemgyýet
Duşenbede Türkmenistan bilen Täjigistanyň hökümetara toparynyň mejlisi geçirilýär
March 3, 2026 16:23 • UTC+5 (Ashgabat) • 27 views

Duşenbe şäherinde Türkmenistan bilen Täjigistan arasynda söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirilýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 3–4-nji martda geçirilýän on dördünji mejlisine gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine bardy.
Duşenbe Halkara howa menzilinde resmi wekiliýeti Täjigistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Ziyozoda Sulaymon we beýleki ýokary wezipeli adamlar mähirli garşy aldylar. Bu barada Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministrligi habar berýär.
Mejlisde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem ýurtlaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik bilelikdäki hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi 2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Aşgabatda geçirildi.