Jemgyýet
Türkmenistanyň ilçisi we Sanly hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
April 15, 2026 16:56 • UTC+5 (Ashgabat) • 20 views

Muhammetgeldi Ayazow we Dima Al-Yahya sanly ykdysadyýet we hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Türkmenistan sanly ösüşde täze tapgyra gadam basýar!
2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Ayazow Sanly hyzmatdaşlyk halkara guramasynyň (DCO) Baş sekretary hanym Dima Al-Ýahýa bilen duşuşyk geçirdi.
- Türkmenistan bilen bu halkara guramasynyň, şeýle hem oňa agza döwletleriň arasynda özara bähbitli sanly gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek meselelerine garaldy.
- Dima Al-Ýahýa guramanyň işi barada giňişleýin maglumat berdi. Ol Merkezi Aziýa bilen agza döwletleriň arasyndaky sanly gatnaşyklaryň, serhetara maýa goýumlarynyň we ýokary derejeli gepleşikleriň utgaşdyrylmagynyň gurama üçin uly ähmiýete eýedigini nygtady.
- Ilçi M. Ayazow ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge döwlet derejesinde uly üns berilýändigini belledi.
Türkmenistan sanly ulgamda täze tapgyra gadam basýar. Duşuşykda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti has-da ösdürmek üçin aşakdaky resminamalar tassyklanyldy:
- Täze Konsepsiýa: Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýän täze garaýyşlar.
- Döwlet maksatnamasy: 2026–2028-nji ýyllar aralygynda sanly özgertmeleri durmuşa geçirmegiň anyk meýilnamasy.
Bu duşuşyk Türkmenistanyň halkara sanly giňişlige goşulyşmak we innowasion tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak ugrundaky işjeň diplomatiýasynyň dowamydyr.