Jemgyýet
Tahyr Ataýewiň orkestri jadyly sazlaryň we söýgüli gahrymanlaryň dünýäsine syýahata çagyrýar
February 10, 2026 17:43 • UTC+5 (Ashgabat) • 19 views

Tahyr Ataýewiň orkestri sizi jadyly sazlaryň we söýgüli gahrymanlaryň dünýäsine syýahata çagyrýar.
27-nji fewral
Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatry
Başlanyş wagty: 19:00
«Moana», «Kokonyň syry», «Enkanto», «Şrek», «Uensdeý», «Örän geň işler», «Huntrix» ýaly meşhur soundtrackler
Petek sargyt etmek: 55-90-15, +99362-53-28-71
27-nji fewralda Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda köp sanly haýyşlar boýunça Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestriň «Multkonserti» geçiriler.
Guramaçylaryň belleýşi ýaly, tomaşaçylar üçin iň meşhur multfilmleriň we seriallaryň saundtreklerini janlandyrýan täsin hem şowhunly maksatnama taýýarlanyldy.
Konsertiň dowamynda size hödürlenjek täsin çykyşlar:
«Moana» bilen täsin adalaryň ritmlerini duýmak;
«Kokonyň syry» (Тайная Коко) bilen ýatdan çykmajak syýahata çykmak;
«Enkanto» multfilmindäki Madrigal maşgalasynyň jadyly dünýäsine aralaşmak;
Şrek bilen bilelikde göwün açmak.
Mistiki sazlar bolsa ajaýyp agşamyň has-da täsirli geçmegine getirer: şunlukda, «Uensdeý» (Wednesday), «Örän geň işler» (Stranger Things) we «Huntrix» filmleriniň iň meşhur sazlary giň sahnany gurşap alar.
Bu diňe bir konsert däl-de, janly ýerine ýetirijilik we joşgunly energiýa arkaly söýgüli hekaýalaryňyzyň dowamyna öwrüljek hakyky syýahat bolar.
Başlanýan wagty: 19:00.
Petek sargyt etmek üçin: 55-90-15, +99362-53-28-71