Awto
Iň ygtybarly awtoulaglar
February 9, 2026 10:17 • UTC+5 (Ashgabat) • 17 views

«Consumer Reports» 2026-njy ýylyň iň ygtybarly awtoulag brendlerini yglan etdi. Başda Toyota, soňra Subaru we Lexus. Ýapon, Amerikan, Koreý we Nemes brendleri öňdebaryjy bolup durýar.
Consumer Reports» neşiri 2026-njy ýylyň iň ygtybarly awtoulag brendleriniň sanawyny düzdi. Sanawyň başlangyç onlugynda 6 sany ýapon, 2 sany amerikan, 1 sany koreý hemde nemes brendleri bar. Netijelere laýyklykda, şu ýylyň iň ygtybarly awtoulag brendi «Toyota» boldy. Sanawyň ikinji we üçünji orunlarynda ýapon brendleri «Subaru» hemde «Lexus» bar. Sanawdaky beýleki öňdebaryjy awtoulag brendleri şulardyr: «Honda» (Ýaponiýa), «BMW» (Germaniýa), «Nissan» (Ýaponiýa), «Acura» (Ýaponiýa), «Buick» (ABŞ), «Tesla» (ABŞ) we «Kia» (Koreýa Respublikasy).