Ykdysadyýet
ABŞ-nyň dollarlarynda ilkinji gezek häzirki prezidentiň goly peýda bolar
March 27, 2026 10:12 • UTC+5 (Ashgabat) • 41 views

ABŞ-nyň milli walýutasynyň banknotlarynda ilkinji gezek häzirki prezident Donald Trump we pudak ýolbaşçysy Scott Bessent goly peýda bolar. Bu ädim 250 ýyllyk Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli amala aşyrylýar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Maliýe ministrligi, ABŞ-nyň döredilmeginiň 250 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli, milli walýutanyň banknotlarynda Amerikan prezidenti Donald Trampyň we pudak ýolbaşçysy Skott Bessentiň gollaryny ýerleşdirmek niýetiniň bardygyny mälim etdi.
«Report» gullugynyň ABŞ-nyň Maliýe ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu ýurduň taryhynda döwlet belgilerinde häzirki döwlet baştutanynyň golunyň ýerleşdirilmeginiň ilkinji wakasy bolar.
Ministriň sözlerine görä, Trampyň golunyň milli walýuta goýulmagy, onuň «ABŞ-nyň ykdysady galkynyşynyň altyn eýýamynyň binagäri» hökmünde ýurduň taryhyndaky ornuny nazara alanyňda, «diňe bir ýerlikli däl, eýsem, doly mynasypdyr».
1776-njy ýylda tassyklanan Garaşsyzlyk jarnamasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Britaniýa imperiýasynyň hökmürowanlygyndan azat bolandygyny alamatlandyrdy. Resminama 1776-njy ýylyň 2-nji iýulynda Pensilwaniýa ştatynyň Filadelfiýa şäherinde Kongres tarapyndan makullanypdy. Iki günden soň Kongres jarnamanyň redaktirlenen görnüşini tassyklady we ony çap edip, halk köpçüligine ýaýratmak barada görkezme berdi. Şol sebäpli 4-nji iýul Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň esaslandyrylan güni hasaplanýar.