Türkmenistanyň göreş boýunça milli ýygyndysy: 2026-njy ýylyň halkara ýaryşlarynyň senenamasy
January 8, 2026 15:46 • UTC+5 (Ashgabat) • 21 views

2026-njy ýylda türkmen pälwanlary üçin iri halkara ýaryşlaryň möwsümi Bişkekde geçiriljek Aziýa çempionaty bilen badalga alar. Ýylyň dowamynda pälwanlarymyz Wýetnamda, Azerbaýjanda, Slowakiýada, Ýaponiýada, ABŞ-da we Bahreýinde geçiriljek Aziýa we dünýä çempionatlarynda baýraklar ugrunda bäsleşerler. Möwsümiň iň möhüm ýaryşy — uly ýaşlylar arasynda dünýä çempionaty Manamada geçiriler.