Tehnologiýa
Nvidia Nebius Group-a (öňki Yandex N.V.) 2 milliard dollar maýa goýýar
March 12, 2026 18:35 • UTC+5 (Ashgabat) • 18 views

Nvidia we Nebius emeli intellekt infrastrukturasyny ösdürmek üçin strategiki hyzmatdaşlygy yglan etdiler. Maksat — 2030-njy ýyla çenli 5 GWt kuwwatlygy döretmek.
Nvidia korporasiýasy Nebius Group bilen 2 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy. Bu hyzmatdaşlyk täze nesil emeli intellekt fabriklerini we Rubin hem-de Vera ýaly iň döwrebap hasaplaýyş platformalaryny ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Nebius-yň ýolbaşçysy Arkadiý Wolož bu taslamanyň ähli emeli intellekt işläp düzüjileri üçin dünýädäki iň uly platformalaryň birine öwrüljekdigini belledi. Kompaniýa ABŞ-da we beýleki ýurtlarda iri maglumat merkezlerini gurmagy meýilleşdirýär.
Çeşme: Amul Info, Nebius Group metbugat habary