Syýasat
Türkmenistanyň Prezidenti bedew baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda Buýruga gol çekdi
April 1, 2026 09:24 • UTC+5 (Ashgabat) • 48 views

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda Buýruga gol çekdi. 25-nji aprelde Aşgabatda ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi hem-de döredijilik ugurlary boýunça dürli bäsleşikler geçiriler.
Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny has hem belende galdyrmak maksady bilen, şeýle-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Resminama laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, Aşgabat şäherinde 25-nji aprelde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de şol bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.