ABŞ daşary ýurtly talyplar üçin wiza düzgünlerini wagtlaýyn togtatdy
May 29, 2025 05:52 • UTC+5 (Ashgabat) • 68 views
2025-nji ýylyň 27-nji maýynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy dünýäniň ähli ýurtlarynda ýerleşýän ABŞ-nyň ilçihanalarynda we konsulhanalarynda talyp wizalarynyň (F, M we J kategoriýalary) üçin geçirilen ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikleriň wagtlaýyn togtadylmagyny tabşyrdy. Bu karar daşary ýurt raýatlarynyň sosial ulgamlardaky işjeňliginiň giňişleýin barlagynyň girizilmegine taýýarlyk görmek bilen baglanyşyklygy bilen düşündirilýär.