Ykdysadyýet
Türkmen önümleriniň sergisiniň BAE-de geçirilmegi maslahatlaşyldy
February 6, 2026 11:37 • UTC+5 (Ashgabat) • 27 views

Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi Baýram Baýramow bilen BAE DIM-niň Ykdysady we söwda meseleleri boýunça direktory Raşed Al Teneiji duşuşyp, BAE-de türkmen önümleriniň sergisini we tanyşdyrylyşyny geçirmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, haryt dolanyşygyny giňeltmegiň we işewür gatnaşyklary güýçlendirmegiň ähmiýetini belläp geçdiler.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginde 2026-njy ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi Baýram Baýramow bilen BAE-niň DIM-niň Ykdysady we söwda meseleleri boýunça departamentiniň direktory Raşed Al Teneijiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda BAE-de Türkmenistanyň önümleriniň sergisiniň hem-de tanyşdyrylyşynyň geçirilmegi boýunça mümkinçilikler maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň BAE-däki Ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň giňeldilmegine, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň ösdürilmegine we “işewürlik - işewürlik” görnüşindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Birleşen Arap Emirliklerinde yzygiderli geçirilýän halkara ykdysady, maliýe, söwda-telekeçilik we maýa goýum çärelerine türkmen tarapynyň gatnaşmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Şu babatda türkmen telekeçileriniň halkara ýarmarkalara we sergilere gatnaşmagy, şeýle hem BAE-niň işewür wekilleriniň Türkmenistanda guralýan degişli çärelere gatnaşmagy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar yzygiderli gatnaşyklary saklamaga taýýardyklaryny beýan etdiler hem-de özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça özara bähbitli dialogy dowam etdirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.