Sport
Tennis boýunça paýtagtymyzyň çempionlary kesgitlendi
March 19, 2026 10:56 • UTC+5 (Ashgabat) • 41 views

Aşgabatda tennis boýunça şäheriň çempionaty tamamlandy! 🏆 100-den gowrak türgeniň gatnaşmagynda geçen ýaryşda iň güýçliler kesgitlendi:
«Aşgabat» köpugurly stadionynyň açyk kortunda tennis boýunça paýtagtymyzyň çempionaty geçirildi. Dartgynly geçen ýaryş Aşgabat şäherinden iň zehinli tennisçileriň 100-den gowragyny jemledi.
Erkekleriň ýaryşynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebiniň okuwçysy hem-de «Jahan» döredijilik merkeziniň tennisçisi Selim Çagylow ýeňiş gazandy. Ol tejribeli tälimçi Jennet Hallyýewanyň şägirdidir. Ikinji orny Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Allanur Daýanjow eýelese, öňdäki üçlügi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Merdan Hanow jemledi.
Çekeleşikli geçen gyzlaryň ýaryşynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 11-nji sport mekdebiniň okuwçysy Ilima Guseýnowa garşydaşlarynyň ählisinden rüstem çykdy we paýtagtymyzyň çempiony boldy. Oňa Uma Hummetowa tälim berýär. Paýtagtymyzdaky 10-njy sport mekdebiň okuwçysy hem-de «Jahan» döredijilik merkeziniň tennisçisi Aýlar Kakabaýewa ikinji ýere eýe çykdy. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 10-nji sport mekdebiniň okuwçysy hem-de «Jahan» döredijilik merkeziniň tennisçisi Anna Polýatowa bolsa üçünji orny eýelemegi başardy.