Jemgyýet
Iň çylşyrymly awtoulag ýoly
February 9, 2026 08:56 • UTC+5 (Ashgabat) • 18 views

Dünýäniň iň çylşyrymly aylanma ýolunyň biri bolan Huansýuewan, 5 gatly we 16 km uzynlykdaky labirint görnüşindäki awtoulag çatrygy bilen tanalýar. Sürüjiler onlaýn kartalar arkaly ýol ugruny meýilleşdirýärler. 2009–2017-nji ýyllarda gurlan bu ýol, şäher içindäki transport üçin möhüm infrastruktura bolup durýar.
Şäherlerde ulag serişdeleriniň hereket etmegi we gatnawy amala aşyrmak üçin iň zerur bolan infrastrukturalaryň biri hem ýol ulgamydyr. ABŞ we Hytaý dünýäde iň uzyn ýol ulgamy bolan ýurtlar hasaplanýar. Hytaýda 190 müň 700 kilometr uzynlykda awtoulag ýoly bar. Hytaý diňe bir awtoulag ýollaryny gurmak bilen çäklenmän, eýsem, ýol-ulag ulgamy bilen bagly birnäçe akylly çözgütleri hem işläp düzýär. Şeýle çözgütleriň biri hem Çunçin şäherinde ýerleşýän awtoulag aýlawydyr.
Huanszýuewan çatrygy diýlip atlandyrylýan bu geçelge şäher merkeziniň gündogarynda, Ýanszi derýasynyň sag kenarynda ýerleşýär. Şähere daşyndan gelýän iki sany ýokary tizlikli awtoýoly birleşdirýän çatryk sürüjileri aljyraňňy ýagdaýa salýar. 5 gatly aýlaw aýratynlykda 20 ugra bölünýär. 16 kilometr uzynlykdaky labirint geçelgäniň beýikligi 37 metre barabar. Başgaça aýdanyňda, Huanszýuewan geçelgesiniň beýikligi 12 gatly bina bilen deň. Aýlawa ýoluň birinji gatynda 8 ýerden girip bolýar. Bu aýlawa golaýlanyňda eger-de ugruňy ýalňyşsaň, ýagny başga halka girseň, onda ýüzlerçe kilometr ýol geçip, täzeden çatryga dolanmaly bolýar. Şol sebäpli sürüjiler aýlawa girmezden ozal, onlaýn karta arkaly gitmeli ugruny we münmeli köprüsini seljerýärler. Dünýäniň iň çylşyrymly aýlawy hasaplanýan bu çatrygyň gurluşyk işlerine 2009-njy ýylda başlanyp, 2017-nji ýylda ulanyşa berilýär.