Türkmen wekiliýeti Magtymguly Pyragynyň Ankaradaky ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
February 19, 2026 16:52 • UTC+5 (Ashgabat) • 32 views
Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Türkiýe saparynyň çäklerinde Ankarada «Türkmenistan» seýilgähindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Dabara wagtynda Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatyndaky ornuny nygtalyp, 2026-njy ýyl üçin «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astyndaky çäreler barada maglumat berildi.