Jemgyýet
Türkmenistanda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň terbiýesi üçin ene-atalaryň jogapkärçiligi güýçlendirildi
April 17, 2026 18:35 • UTC+5 (Ashgabat) • 9 views

2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan Türkmenistanda 16 ýaşyna ýetmedik çagalary temmäki çeken ene-atalara jerime salnyp başlanar. Mundan başga-da, ýetginjekleriň neşe serişdelerini ulanmagy, ýol düzgünlerini bozmagy we ownuk tertipsizlikleri üçin ene-atalaryň administratiw jogapkärçiligi has-da berkidildi. Täze Kanun esasynda ençeme ugurlar boýunça "duýduryş" çäresi aýrylyp, jerime mukdarlary artdyryldy.
Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiniň 358-nji maddasyna möhüm üýtgetmeler girizildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen bu Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap doly güýje girýär. Täze düzgünler ene-atalaryň öz çagalarynyň edim-gylymy we tertip-düzgüni üçin jogapkärçiligini has-da artdyrýar.
Esasy täzelik: Temmäkä garşy berk çäreMaddanyň altynjy bölümi täze redaksiýada berlip, taryhda ilkinji gezek 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň temmäki çekmegi üçin ene-atalaryň gönüden-göni jogapkärçiligi bellenildi:
- Eger ýetginjek temmäki çekse, ene-atalara ýa-da olaryň ornuny tutýan şahsyýetlere hasaplaşyk görkezijisiniň birinden ikisine çenli möçberde jerime salnar.
Beýleki hukuk bozulmalary boýunça jerimeleriň üýtgemegi:- Neşe serişdeleri (2-nji bölüm): 16 ýaşyna ýetmedik çagalar lukman bellemezden neşe serişdelerini ulanan ýagdaýynda, öň bar bolan "duýduryş bermek" çäresi aýryldy. Indi bu hukuk bozulma üçin göni bir hasaplaşyk görkezijisi möçberinde jerime bellenildi.
- Ownuk düzgün bozmalary (3-nji bölüm): 14-16 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň eden ownuk düzgün bozmalary üçin ene-atalara salynýan jerime hem bir hasaplaşyk görkezijisi möçberinde kesgitlendi.
- Ýol hereketi (4-nji bölüm): Kämillik ýaşyna ýetmedik pyýadalaryň ýol düzgünlerini bozmagy üçin jerime öňki 0,4-den 0,5-den bir hasaplaşyk görkezijisine çenli aralyga galdyryldy.
Bu üýtgetmeler döwletiň ýaş nesliň saglygyna we terbiýesine goýýan talaplarynyň ýokarlanýandygyny görkezýär. Has-da temmäki çekilmegine garşy girizilen madda, Türkmenistanyň temmäkisiz ýurt bolmak baradaky strategiýasynyň möhüm bölegidir. Duýduryşyň ýerine gönüden-göni jerimäniň bellenilmegi, kanunçylygyň bozulmagyna garşy kesgitli we berk durmuş ugrunyň saýlanyp alnandygyny alamatlandyrýar.