Jemgyýet
Lebap welaýat häkimliginiň jemagat hojalygy birleşigine 148 sany tehnika gelip gowuşdy
January 17, 2026 14:08 • UTC+5 (Ashgabat) • 21 views

Lebap welaýat häkimliginiň jemagat hojalygy birleşigine şäher arassaçylygyny we hyzmatlaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga niýetlenen 148 sany döwrebap tehnika gelip gowuşdy.
Lebap welaýat häkimliginiň jemagat hojalygy birleşigine kuwwatly, döwrebap we ähli amatlyklary bolan awtoulaglaryň, tehnikalaryň hem-de enjamlaryň uly toplumy — jemi 148 sany tehnika gelip gowuşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Gelip gowşan tehnikalaryň 79 sanysy awtoulaglar, 7 sanysy ýöriteleşdirilen tehnikalar, 62 sanysy bolsa dürli maksatly enjamlardyr. Täze tehnikalar birleşigiň işgärleriniň iş netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga, şäherleriň arassaçylygyny üpjün etmäge hem-de görküne görk goşmaga gönükdirilendir.
Tehnikalaryň hatarynda 15 sany zeý suwuny sorujy awtoulag, 2 sany ýokary basyşly lagym ulgamlaryny arassalaýjy, 2 sany süpüriji-ýuwujy tehnika, zir-zibil ýygnamaklyga niýetlenen 30 sany awtoulag bar. Şeýle-de 3 sany gidrogaldyryjy, 10 sany 24 orunlyk awtobus, ýük göterijiligi 25 tonna bolan 1 sany awtokran we beýleki ýörite tehnikalar bar.
Welaýat jemagat hojalygyna gelip gowşan ýöriteleşdirilen tehnikalaryň arasynda 3 sany ýükleýji ekskowator, 3 sany öňtaraplaýyn uly ýükleýji we 1 sany tekerli ekskowator hem bar. Mundan başga-da, täze tehnikalaryň arasynda bag göçürmeklige niýetlenen hem-de aýratyn dakylýan enjamlaryň toplumynyň bolmagy bellärliklidir.
Täze tehnika toplumy welaýatyň ýaşaýjylary tarapyndan gadymy milli däplerimize laýyklykda un sepilip, alaja dakylyp dabaraly garşy alyndy.