Jemgyýet
«Türkmenhowaýollary» ajaýyp ýeňilligini hödürleýär: halkara uçuşlarynda 12 ýaşa çenli çagalaryňyzyň peteklerini tölegsiz alyp bilersiňiz
January 22, 2026 08:49 • UTC+5 (Ashgabat) • 14 views

12 ýaşyna çenli çagalaryňyzyň halkara uçuşlarynda peteklerini bepul alyp bilersiňiz. Uçar gatnawlarynyň täze ylham berýän tejribesini çagalaryňyz bilen başdan geçiriň!
1 Maý — 30 Iýun we 1 Sentýabr — 30 Oktýabr
7 ugur: Aşgabat — Kuala-Lumpur, Hoşemin, Seul, London, Bangkok, Frankfurt, Milan
Maglumat üçin: 39-17-17
«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy watandaşlarymyzyň çagalary bilen daşary ýurtlardaky dynç alyşlarynyň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen, ajaýyp mümkinçiligini hödürledi. Şunlukda, awiakompaniýa halkara uçar gatnawlarynda çagalar üçin ýörite ýeňilligini yglan etdi. Has takygy, ata-eneler 1-nji maý — 30-njy iýun hem-de 1-nji sentýabr — 30-njy oktýabr aralygynda görkezilen 7 ugur boýunça 12 ýaşa çenli çagalarynyň uçuş peteklerini hiç bir tölegsiz alyp bilerler:
Aşgabat — Kuala-Lumpur
Aşgabat — Hoşemin
Aşgabat — Seul
Aşgabat — London
Aşgabat — Bangkok
Aşgabat — Frankfurt
Aşgabat — Milan
Ajaýyp ýeňillik çagalaryňyz üçin dünýäni açmaga, täze täsirlere eýe bolmaga we dynç alşyňyzyň ýatdan çykmajak öwüşginlere beslenmegini üpjün etmäge şert döreder.
Habarlaşmak üçin: 39-17-17