Bilim
Tölegsiz, talyp hakly hem-de beýleki ýeňillikler: «Türkiye Bursları» maksatnamasy — Türkiýede okamak üçin ajaýyp mümkinçilik
December 25, 2025 18:13 • UTC+5 (Ashgabat) • 31 views

«Türkiye Bursları» programmasy arkaly Türkiýede tolegsiz ýokary bilim, ýaşaýyş jaý, lukmançylyk hyzmaty we ayllyk talyp hakyny alyp bilersiňiz. Maksatnama diňe iň gowy dalaşgärler üçin — okuw bahasy, motivasiýa we ugryna laýyklykda.
Türkiýe Respublikasynda tölegsiz okap bolýandygyny bilýärdiňizmi?
Köpleriň bu barada asla pikirlenmedik bolmagy hem mümkin. Muňa garamazdan, Türkiýe eýýäm köp ýyldan bäri dünýäniň öňdebaryjy bilim maksatnamalarynyň birini — «Türkiye Bursları» taslamasyny amala aşyryp gelýär.
Bu döwlet mümkinçiligi bolup, onuň üsti bilen daşary ýurtly talyplar Türkiýäniň uniwersitetlerinde tölegsiz esasda ýokary bilim alyp bilýärler.
Maksatnama nämeler girýär:
— Tölegsiz okuw
— Umumy ýaşaýyş jaýynda tölegsiz ýaşamak
— Tölegsiz lukmançylyk hyzmaty we döwlet ätiýaçlandyrmasy
— Tölegsiz türk dili kurslary (TÖMER)
— Türkiýä gidip-gelmek üçin uçar petegi
— Her aý berilýän talyp haky
Höwes bildirilýän ugurlar — şu günüň iň islegli hünärleri:
Lukmançylyk
Genetika, bioinženeriýa, lukmançylyk we saglygy goraýyş
Programmirleme, IT, kiberhowpsuzlyk, kompýuter inženeriýasy
Inženerçilik: gurluşyk, energetika, biolukmançylyk, deňizçilik, awiasiýa, mehatronika ugurlary
Ykdysadyýet, psihologiýa, halkara gatnaşyklary we başga-da onlarça hünärler.
Bulary unutmaň:
«Türkiye Bursları» — bu bäsleşik esasyndaky maksatnama.
Okuw mümkinçiligini saýlawyň netijeleri boýunça iň gowy dalaşgärler eýeleýärler: okuw bahalary, höweslendiriş (motiwasiýa) we okuw ugruna laýyklyk göz öňünde tutulýar.
Her ýyl 170-den gowrak ýurtdan müňlerçe talyp bu maksatnamanyň gatnaşyjysy bolýar.
Eger, siz eýýäm daşary ýurtda bilim almak barada oýlanýan bolsaňyz — bu garaşan mümkinçiligiňiz bolup biler. Şertleriň size laýyk gelýändigini göz ýetiriň we öňe tarap hereket ediň!