Jemgyýet
CNPC kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy Hytaýyň nebit uniwersitetine okuwa kabul etmek üçin resminamalary ýygnamaga başlady
March 6, 2026 17:03 • UTC+5 (Ashgabat) • 32 views

CNPC International LTD Türkmenistandaky şahamçasy arkaly Pekindäki Hytaý Nebit Uniwersiteti okuwa kabul üçin resminamalary ýygnamaga başlady. Okuw nebit-gaz, geologiýa, himiýa we tehnologiýa ugurlarynda alnyp barylar. Arzalar 16–31-nji mart aralygynda kabul edilýär.
Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň (CNPC International LTD) Türkmenistandaky şahamçasy Pekindäki Hytaýyň nebit uniwersitetinde ýokary bilim almak isleýän ýurdumyzyň raýatlaryndan resminamalaryň kabul edilýändigini mälim etdi.
Okuw alty hünär boýunça alnyp barlar: nebit-gaz inženerligi, nebit we gazy daşamak hem-de saklamak, geologiýa we kän gözleg işleri, nebit-gaz känlerini işläp taýýarlamak we işletmek, himiýa inženerligi we tehnologiýasy, şeýle hem mehaniki taslamalaşdyrma we awtomatizirleme.
Kabul edişlige gatnaşmaga ýaşy 25-den uly bolmadyk, okuw görkezijileri gowy bolan we iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary çagyrylýar. Kabul edişlik iki tapgyrda geçiriler: matematika, himiýa we fizika boýunça synag hem-de iňlis dilinde söhbetdeşlik bolar.
Resminamalaryň kabul edilişi 2026-njy ýylyň 16–31-nji mart aralygynda iş günleri sagat 9:30-dan 17:00-a çenli CNPC-niň Aşgabatdaky şahamçasynyň edarasynda geçirilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312 44-51-01, +99312 44-50-65, +99312 44-54-75.