Awto
Fransiýanyň täsin taslamasy: Hem ýolda, hem relsde hereket edýän "Ferromobil"
March 23, 2026 11:05 • UTC+5 (Ashgabat) • 26 views

Fransiýada «Ferromobil» atly täsin mikroawtobus işlenip düzüldi – ol hem ýolda, hem relsde hereket edip biler. Ilkinji synaglar Owern sebitinde geçiriler, oňyn netije bilen beýleki sebitlere hem giňeldiler.
Fransiýada ulanyşdan galan demir ýollary peýdalanmak maksady bilen ýörite ulag işlenip düzüldi. SiCef atly firma ýerde hem-de relsleriň üstünde hereket edip bilýän kiçi mikroawtobuslary öndürmegi maksat edinýär. «Ferromobil» atly ulag, esasan, awtoulaglardan köp peýdalanylýan oba ýerlerinde ulanmak üçin niýetlenendir. Ýurduň çäginde ulanylmaýan demir ýollaryň umumy uzynlygy 5 müň 700 kilometre ýetýär. Inženerler ulagyň aňsatlyk bilen relse münmegi hem-de düşmegi üçin goşmaça enjam işläp taýýarladylar. Munuň üçin «Peugeot e-Traveller» mikroawtobusy saýlanyp alnypdyr. Şeýlelikde, bu ulaglar hem ýolda, hem-de demir ýolda sürlüp bilner. Täsin ulag, ilkinji nobatda, Owern sebitindäki Kurpýer-Wertolaýe aralygynda synagdan geçiriler. Oňyn netije beren ýagdaýynda, Oksitaniýa, Brittani we Täze Akwitaniýa ýaly beýleki ýerlerde hem ulanmaga berler. 8 orunlyk ferromobilleri kärendesine alyp bolar. Şeýle hem bu ulaglar bilen demir ýolda ýolagçy gatnawy ýola goýlar. Relsiň üstünde wagty ulag sürüjisiz özbaşdak hereket eder. Adaty «Peugeot e-Traveller» ulaglary dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýär. Uly maşgalalar üçin niýetlenen bu ulag bir gezeklik zarýady bilen 330-350 kilometr ýol geçip bilýär.