Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby «Iň gowy ylmy iş — 2025» atly XXIII halkara ylmy-barlag bäsleşiginde ýeňiji boldy
January 5, 2026 16:39 • UTC+5 (Ashgabat) • 19 views

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby N. Baýryýew Russiýanyň Penza şäherinde geçirilen XXIII halkara ylmy-barlag bäsleşiginde «Iň gowy ylmy iş — 2025» atly bäsleşikde II derejeli Diploma mynasyp boldy. Ol «Türkmenistanyň milli howpsuzlygynyň hukuk esaslary we ony üpjün etmegiň aýratynlyklary» atly ylmy işi bilen çykyş etdi.