Jemgyýet
Energetika diplomatiýasy: «Galkynyş» käniniň dördünji tapgyrynyň düýbi tutulýar
April 14, 2026 17:32 • UTC+5 (Ashgabat) • 12 views

Galkynyş gaz käni dördünji tapgyrynyň düýbi tutulýar ⛽ Din Sýuesýan saparynyň çäklerinde geçiriljek çäre Türkmenistan bilen Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygyny has-da berkitýär.
Türkmenistanyň energetika strategiýasynda taryhy wakalaryň birine garaşylýar. 2026-njy ýylyň 15–17-nji apreli aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan resmi sapar bilen ýurdumyza geler we “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmeginiň dördünji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşar.
«Sinxua» agentliginiň duşenbe güni ýaýradan habaryna görä, Din Sýuesýan Türkmenistana HHR-nyň Başlygy Si Szinpiniň ýörite wekili hökmünde geler. Bu bolsa amala aşyrylýan taslamanyň we iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň halkara derejesinde örän ýokary ähmiýete eýedigini subut edýär.
Saparyň çäklerinde, 16-njy aprelde Aşgabatda Türkmen-hytaý hökümetara hyzmatdaşlyk komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler. Wise-premýer Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýeti türkmen tarapy bilen ykdysadyýetiň dürli ugurlary, şol sanda söwda, maýa goýumlary we tehnologiýa alyş-çalyşy baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.
«Galkynyş» käniniň özleşdirilmeginiň dördünji tapgyry Türkmenistanyň tebigy gazy dünýä bazaryna, aýratyn-da Hytaýa ugratmak baradaky eksport strategiýasynyň özeni hasaplanýar. Taslamanyň çäginde:
- Ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gaz öndürmäge ukyply desgalar gurlar;
- Gazyň zerur bolan möçberlerini üpjün etmek üçin täze guýular burawlanar we ulanmaga berler.
Bu ägirt uly taslama diňe bir Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrman, eýsem bütin sebitiň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde hem möhüm orun tutar.