Tehnologiýa
QR kod nädip ýüze çykdy?
March 23, 2026 11:22 • UTC+5 (Ashgabat) • 24 views

QR kod 1994-nji ýylda Ýaponiýanyň «Denso Wave» kompaniýasy tarapyndan awtoulag senagatynyň işini ýeňilleşdirmek maksady bilen işlenip düzüldi. Ol sanly maglumatlary çalt we takyk okamak üçin döredildi we häzirki wagtda gündelik durmuşda we töleglerde giňden ulanylýar.
Menýulardan başlap, onlaýn töleglere çenli köp ýerde ulanylýan QR kod tehnologiýanyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Durmuşy harajatlarda we töleg hyzmatlarynda ýeňillik döredýän bu ulgam ak-gara öýjüklerden ybarat. Smartfona dörtburç açarjygy tanatmak arkaly oturan ýeriňde ähli hyzmaty we söwdany ýerine ýetirip bolýar. Bu tehnologiýa hyzmaty birnäçe sekuntda harytlary onlaýn satyn almaga, web sahypa girmäge, gyzykly habarlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Eýsem, QR kod haçan we näme sebäpden oýlanyp tapyldyka?! 1990-njy ýyllara çenli bölek söwda we önümçilik pudagynda ştrih-kod tehnologiýasy ulanylýardy. Ýoň bolan ştrih-kodlar çäkli möçberde maglumat saklap we diňe bir ugurda okalyp bilýärdi. Şeýlelikde, bu çäklendirme sebäpli restoranlarda, myhmanhana hyzmatlarynda, onlaýn söwdada täze bir tehnologiýa zerurlyk duýuldy. 1994-nji ýylda Ýaponiýanyň «Denso Wave» tehnologiýa kompaniýasynyň hünärmenler topary QR kody işläp düzýärler. Ýapon kompaniýasynyň bu tehnologiýany ulanyşa girizmeginiň maksady awtoulag önümçiliginde ulanylýan bölek materiallary ibermegi çaltlandyrmak we has takyk ýzarlamagy üpjün etmek bolupdyr. Awtoulag senagatynyň işini ýeňilleşdirmek üçin oýlanyp tapylan bu tehnologiýa hyzmaty «Çalt jogap» diýmegi aňladýar. Täze ulgam ştrih-kodlardan has köp maglumat saklap bilmegi we çalt okalmagy bilen tapawutlanypdyr. QR koduň esasy aýratynlygy maglumatlary keseligine we dikligine saklamak ukybydyr. Bu bolsa kiçijik bir dörtburç öýjükde müňlerçe nyşany (san, maglumat) saklamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, QR kodda ýalňyşlygy düzetmek aýratynlygy bardygy sebäpli, koduň bir bölegi zaýalanan (ýyrtylan) bolsa-da, ulgam maglumatlary okamagy dowam edip bilýär. Bu tehniki aýratynlyklar QR koduň beýleki pudaklarda hem gysga wagtyň içinde ulanylyşa girmegine getirýär. «Denso Wave» kompaniýasy QR kod tehnologiýasynyň patentiniň eýesi bolsa-da, ony ulanmak üçin hiç hili ygtyýarnama töleglerini almady. Kompaniýa beýleki kompaniýalara we programma düzüjilere bu tehnologiýany erkin ulanmaga mümkinçilik berdi. Şol sebäpli bu ulgam bütin dünýäde meşhur boldy. Häzirki wagtda QR kod logistika we bölek söwdadan başlap, marketing, saglygy goraýyş ulgamlarynda hem ulanylýar. 2000-nji ýyllaryň başynda kameraly ykjam telefonlara QR kod okamak ukyby ornaşdyrylandan soň, bu tehnologiýa adamlaryň gündelik durmuşynyň bir bölegine öwrüldi.