Syýasat
Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi
March 27, 2026 23:03 • UTC+5 (Ashgabat) • 38 views

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylda ýurtda şalynyň bol hasylyny öndürmek baradaky Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ekin dolanyşygyny ylmy esasda guramak we agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly önümçiligi artdyrmak göz önünde tutulýar.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda, ýurduň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmek maksady bilen Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine, bu welaýatlaryň degişli etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.