Jemgyýet
GDA agza döwletler «Bedewiň bady: güýç we gözellik» atly telebäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar
January 31, 2026 11:37 • UTC+5 (Ashgabat) • 20 views

GDA, Bedewiň bady, telebäsleşik, türkmen atlary, telewideniýe, radiogepleşik, kinematografiýa, dokumental film, telewizion oçerk, atçylyk, medeniýet, sport, subtitr, ýaş awtorlar, döwletara bäsleşik
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň arasynda Bedewiň bady: güýç we gözellik» atly döwletara telewizion bäsleşigiň geçirilýändigini yglan etdi.
Bäsleşige telekompaniýalar bilen bir hatarda, ýaş çäklendirmesi bolmazdan, garaşsyz awtorlar hem gatnaşyp bilerler. Filmler islendik dilde bolup biler (rus ýa-da iňlis dillerinde subtitrler bilen üpjün edilen bolmalydyr).
Bäsleşige bedewleriň tohumlarynyň taryhyna, GDA halklarynyň medeniýetinde atyň tutýan ornuna we atçylyk sportuna bagyşlanyp, dowamlylygy 15 minutdan 30 minuta çenli bolan dokumental, dokumental-publisistik filmler hem-de telewizion oçerkler kabul edilýär.
Onuň düzgünnamasy bilen «Türkmenistan habarlar portaly» saýtynda tanşyp bilersiňiz.