Bilim
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň arasynda iň gowy sekizlige girdi
January 21, 2026 16:24 • UTC+5 (Ashgabat) • 17 views

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Aziýanyň abraýly «THE Awards Asia 2026» bäsleşiginiň «Ýylyň STEM ylmy-taslamasy» ugry boýunça gysga sanawyna girip, iň gowy 8 uniwersitetiň hataryna saýlandy. Bu üstünlik uniwersitetiň halkara derejesinde bäsleşige ukyplydygyny we Türkmenistanda ylmyň durnukly ösýändigini tassyklaýar.
Dünýäniň ýokary okuw mekdeplerini bahalandyrýan THE Times Higher Education guramasynyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Aziýanyň iň abraýly halkara baýraklarynyň biri bolan «THE Awards Asia 2026» bäsleşiginiň gysga sanawyna girdi. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi iň gowy uniwersitetleriň 8-ligine «Ýylyň STEM ylmy-taslamasy» (STEM Research Project of the Year) ugry boýunça saýlandy. Aziýa sebitiniň uniwersitetleri tarapyndan 500-den gowrak işiň gatnaşmagynda geçirilen bu bäsleşikde, 10 sany ugur boýunça iş alyp baran diňe iň gowy 8 sany uniwersitetleriň «gysga sanawy» yglan edildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Bu sanawda Türkmenistan bilen bir hatarda Ýaponiýa, Singapur, Günorta Koreýa, Taýland, Malaýziýa, Türkiýe, Hindistan we Gonkong ýaly ylmy-tehnologik taýdan ösen döwletleriň iň gowy ýokary okuw mekdepleri bar.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bu uly sepgide eýýäm ikinji gezek ýetmegi başardy. Uniwersitet 2024-nji ýylda hem Merkezi Aziýada ilkinji bolup bu sanawa girdi. 2026-njy ýyldaky bu täze üstünlik bolsa, Türkmenistanda ylmyň durnukly ösüşiniň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Uniwersitetiň ýaş alymlary tarapyndan taýýarlanan «Howply galyndylary ýokary arassalykdaky gipse öwürmek: durnukly materiallary öwrenmek ylmynda täze öwrülişik» atly ylmy işi dünýäniň bilermenleriniň ünsüni çekdi.
UniRank-2026 maglumatlaryna görä, Aziýada 6300-den gowrak ýokary okuw mekdebi bar. «THE Awards Asia» baýragynyň gysga sanawyna ikinji gezek girmegi, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň çalt depginler bilen ösýändigini we dünýä derejesinde bäsleşige ukyplydygyny görkezýär. Bäsleşigiň ýeňijileri 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Gonkongda geçiriljek Aziýa uniwersitetleriniň sammitiniň dowamynda yglan ediler.