Sport
Sinner Wimbledonyň finalyna çykdy
July 11, 2025 23:06 • UTC+5 (Ashgabat) • 33 views
Sinner Wimbledonyň finalyna çykdy
Italiýaly dünýäniň ilkinji tennisçisi Ýannik Sinner 2025-nji ýylyň Wimbledon ýaryşynyň ýarym finalynda serbiýaly Nowak Jokowiçi ýeňdi. Duşuşyk bary-ýogy 1 sagat 54 minut dowam edip, 6:3, 6:3, 6:4 hasaby bilen Sinneriň peýdasyna tamamlandy.
Bu ýeňiş Ýannik Sinneriň karýerasynda ilkinji gezek Wimbledon finalyna çykmagy boldy. Finalda onuň garşydaşy ispan tennisçisi Karlos Alkaras bolar.
Final: Sinner — Alkaras
Sene: 13-nji iýul
Ýer: Londonda ýerleşýän All England Club