Jemgyýet
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
March 18, 2026 13:33 • UTC+5 (Ashgabat) • 32 views

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyniň başlygy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň sebitleýin wekili Mahir Safarly arasynda duşuşyk geçirildi.
2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mahir Safarly bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýandygy bellenildi. Taraplar migrasiýa boýunça hyzmatdaşlygyň geljegini we esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda myhman 2024-nji ýylda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça #IBELONG atly Kampaniýanyň üstünlikli tamamlanandygyny we ýurdumyzyň bu babatda tejribesiniň beýleki döwletlere nusga alarlykdygyny belledi hem-de ýurdumyzyň Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça täze Global Alýansa goşulyp, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy dowam edilýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.