Jemgyýet
Halaçly ýüplükçiler ýyllyk meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
February 3, 2026 11:04 • UTC+5 (Ashgabat) • 18 views

Fabrika geçen ýyl 113 million 510 müň manatlyk önüm öndürip, meýilnamany 140,2% ýerine ýetirdi. Jemi 2 963 tonna ýüplük satyldy, şonuň 2 226 tonnasy Özbegistana we Russiýa eksport edildi.
Lebap welaýaty boýunça geçen ýyly zähmet üstünlikleri bilen jemlän kärhanalaryň hatarynda Halaç etrabynda ýerleşýän nah ýüplük egriji fabrigi-de bar. Bu kärhana ýylyň dowamynda jemi 113 million 510 müň manatlyk önüm öndürip, ýyllyk meýilnamasyny 140,2 göterim ýerine ýetirdi. Munuň özi ýylyň dowamynda öndürilen önümiň-de, satylan önümiň-de öňki ýyllardakydan köp bolandygyny görkezýär.
Geçen ýylyň jemi boýunça 2 müň 963 tonna ýüplük satylyp, bu baradaky tabşyryk üstünlikli ýerine ýetirildi. Şonça tonna ýüplügiň 2 müň 226 tonnasynyň Özbegistana we Russiýa eksport edilendigi bellärliklidir. Onuň bahasy manat hasabynda 72 million 309 müň manada deň boldy. Ýüplükleriň bir bölegi ýurduň dokma fabriklerine ugradyldy. Olaryň täze ýyldaky islegleri öwrenilip, häzirki wagtda ony kanagatlandyrmak üçin zerur çäreler görülýär.
Italiýanyň «Marzoli» kompaniýasynyň egriji maşynlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada ýüplügiň bäş görnüşi öndürilýär. Onuň «Nm17/1» görnüşli ýüplügine isleg has-da uly. Bu ýerde 20-lik, 27-lik we 34-lik ölçegdäki ýüpler hem öndürilýär. Tüýdüji, saýyjy we saraýjy maşynlardan geçen pagta süýüm bolýança, ýene-de birnäçe işler ýerine ýetirilýär. Ol işler pagtany arassalamakdan başlanýar. Iň soňky işler egriji enjamdan çykan sekiz sany süýümi birleşdirip, bir süýüme öwürýär. Şundan soň bu önüme çala tow berlip, ol egriji bölüme geçirilýär. Bu ýerde, esasan, halkaly egirme işi ýerine ýetirilýär.