Jemgyýet
Malaý almasy: Tropiki tebigatyň jaň şekilli täsin miwesi
April 27, 2026 08:53 • UTC+5 (Ashgabat) • 8 views

Malaý almasy — tropikanyň jaň şekilli täsin miwesi! Tailandyň meşhur miwesi bolan bu hoşboý ysly, süýji we suwly miwe diňe bir tagamy bilen däl, eýsem saglyga peýdasy bilen hem tanalýar.
Tailandyň bereketli toprakarynda ösdürilip ýetişdirilýän iň özüne çekiji miweleriň biri — Malaý almasydyr. Ylmy dilde Syzygium malaccense diýlip atlandyrylýan bu miwe, diňe bir daşky görnüşi bilen däl, eýsem, adam saglygy üçin peýdaly aýratynlyklary bilen hem tapawutlanýar.
Malaý almasy (ýa-da başgaça ýamboza) adaty almalardan düýpgöter tapawutlydyr. Onuň esasy aýratynlyklary şulardan ybarat:
- Görnüşi: Jaň şekilli bolup, daşyndan seredeniňde armyda çalym edýär.
- Reňki: Gara-gyzyl, gülgun we açyk ýaşyl öwüşginli görnüşleri bar.
- Tagamy: Hoşboý ysly, süýji we örän suwly. Miwäniň eti ak reňkde bolup, ýumşaklygy boýunça garpyzy ýatladýar.
Bellik: Bu miwäniň käbir görnüşleri bütinleý çigitdir we özeńsiz bolup, olary dolulygyna iýmek mümkindir. Käbirlerinde bolsa awokadonyňka meňzeş ýekeje iri çigidi bolýar.
Malaý almasynyň gabygy örän ýuka we näzikdir. Şol sebäpli ony uzak aralyklara daşamak ýa-da uzak wagt saklamak kynçylyk döredýär. Sowadyjyda saklanylanda hem bu miwe öz terligini diňe 1,5 hepde töweregi saklap bilýär.
Aziýa aşhanasynda bu miwe:
- Terligine iýilýär;
- Işdäaçarlara we dürli tagamlara goşulýar;
- Ondan ýokary hilli jem we mürepbe taýýarlanylýar.
Malaý almasy hemişe ýaşyl öwsüp oturan tropiki agaçda ýetişýär. Boýy 5-20 metre ýetýän bu agaçlar diňe bir miwe bermän, eýsem, seýilgähleri bezemek we kölegelik döretmek üçin hem ekilýär.
Halk lukmançylygynda bolsa bu agajyň diňe bir miwesi däl, eýsem gabygy, köki we ýapraklary hem dürli dertlere derman hökmünde giňden ulanylýar. Gündogar Aziýa bazarlarynda bu miwäniň iň süýji we gymmatly hasaplanýan gülgun reňklisini oktýabr we mart aýlarynyň aralygynda tapmak mümkindir.