Dünýä
Gazagystanda döwlet dili berkidilýär
February 13, 2026 18:41 • UTC+5 (Ashgabat) • 49 views

Gazagystanyň täze Konstitusiýasynyň taslamasynda gazak dili anyk we kesgitli görnüşde döwlet dili hökmünde berkidildi. Taslama 11 bölüm we 95 madda bilen girizildi, Konstitusiýanyň tekstiniň 84%-ine üýtgetmeleri öz içine alýar. Özgertmelerde bir palataly parlamentiň (Gurultaý) döredilmegi, wise-prezident wezipesiniň girizilmegi we Halk Geňeşiniň döredilmegi ýaly esasy ugurlar bardyr. Gazagystan hem unitar döwlet bolmagynda galýar, dolandyryş formasy Prezident Respublikasy diýlip kesgitlenýär.
Gazagystanyň täze Konstitusiýasynyň taslamasynda gazak dili anyk we kesgitli görnüşde döwlet dili hökmünde berkidildi. «Kazinform» habarlar agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar institutynyň direktory Žandos Şaýmardanow Konstitusion özgertmeler boýunça komissiýanyň mejlisinde mälim etdi. Ol birnäçe raýatlaryň Esasy Kanunda döwlet diliniň derejesi baradaky meselä üns berendiklerini belledi. Emma täze Konstitusiýanyň taslamasynda gazak diliniň anyk we kesgitli görnüşde döwlet dili hökmünde berkidilendigini nygtamak örän möhümdir – diýip, Şaýmardanow aýtdy. Ýatlap geçsek, 31-nji ýanwarda Konstitusion özgertmeler boýunça komissiýa Gazagystanyň täze Konstitusiýasynyň taslamasyny köpçülige hödürläpdi. Täze Esasy Kanunyň birinji taslamasy girişden (Preambula), 11 bölümden we 95 maddadan ybaratdyr. Üýtgetmeler we goşmaçalar Konstitusiýanyň tekstiniň 84% ine täsir edýär. Özgertmeleriň esasy ugurlaryna bir palataly parlamente – Gurultaýa geçilmegi, wiseprezident wezipesiniň döredilmegi we Halk Geňeşiniň döredilmegi degişlidir. Gazagystan Respublikasy unitar döwlet bolmagynda galýar, dolandyryş formasy bolsa Prezident Respublikasy diýlip kesgitlenildi.