Tehnologiýa
«Asus» döwrebap oýunlary kompýutersiz oýnamak üçin niýetlenen monitoryny tanyşdyrdy
February 16, 2026 11:21 • UTC+5 (Ashgabat) • 38 views

Asus «Strix OLED XG34WCDMTG» atly täze oýun monitoryny tanyşdyrdy. Bu 34 dýuýmlyk QD-OLED ekran Android 14 esasly Smart Google TV we GeForce Now goldawy bilen kompýutersiz oýun oýnamaga mümkinçilik berýär. 1440p durulyk, 240 Gs täzelenme ýygylygy we HDR tertibinde 1000 kd/m² çenli ýagtylyk bilen enjamlaşdyrylan monitor 1100 dollardan satuwa çykaryldy.
«Asus» kompaniýasy oýun enjamlarynyň hataryna degişli bolan «Strix OLED XG34WCDMTG» monitoryny tanyşdyrdy. Bu enjam «Android 14-iň» binýadyndaky «Smart Google TV» goldawynyň bardygy sebäpli, özüne meňzeş beýleki oýun monitorlarynyň tas ählisinden diýen ýaly tapawutlanýar. Şeýlelikde, täze tehnologiýa dünýädäki ilkinji şeýle aýratynlygy bolan oýun OLED-monitory boldy.
Has ýönekeý aýdylanda, bu hiç hili şahsy kompýutersiz (PK) işläp bilýän «akylly» Android monitordyr. Mundan başga-da, enjamda «GeForce Now» hyzmatynyň goldawy bar. Diýmek, oýunlary hem kompýutersiz gönüden-göni monitoryň özünde oýnap bolýar.
Monitor 34 dýuým diagonally, 1440p durulygyndaky we 240 Gs täzelenme ýygylygyny goldaýan aşa giň formatly «QD-OLED» paneline esaslanýar. Ýagny, bu eýýäm geçen nesliň panelidir. Şeýle hem, enjamda hususy «Wi-Fi 6» moduly we her biri 5 Wt bolan bir jübt dinamik ýerleşdirilipdir.
Ekranyň egrilik radiusy 1800R bolup, adaty ýagtylygy 250 kd/m² ölçegdedir, emma HDR tertibinde bu görkeziji 1000 kd/m² çenli ýetip bilýär.
Monitor eýýäm 1100 dollardan satuwa çykaryldy.