Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi Saharow adyndaky institutyň talyplary bilen duşuşdy
February 25, 2026 08:54 • UTC+5 (Ashgabat) • 20 views

Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew Minsk şäherinde ýerleşýän A.D.Saharow adyndaky Halkara döwlet ekologiýa instituty-nyň türkmen talyplary bilen duşuşdy. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýazylan täze kitabyň tanyşdyrylyşy geçirildi hem-de «oňyn bitaraplyk» konsepsiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy.