Medeniýet
Aşgabatda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerine sylaglar gowşuryldy
January 9, 2026 09:03 • UTC+5 (Ashgabat) • 18 views

Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Baýrak ders olimpiadalarynyň, döredijilik we zehin bäsleşikleriniň hem-de sport ýaryşlarynyň ýeňijisi bolan zehinli türkmen çagalaryna berilýär. Bu ýyl bäsleşigiň 99 ýeňijisine hem-de 4 döredijilik toparyna ýörite diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşik Täze ýyl dabaralary bilen utgaşyp geçirilip, ýurdumyzda täze zehinleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.
Söwda-senagat edarasynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu baýrak bilen ýurdumyzyň zehinli çagalary — ders olimpiadalarynyň, zehin we döredijilik bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň ýeňijileri sylaglanylýar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Bilim ministrligi tarapyndan guralýan, ýaş türkmenistanlylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan bu bäsleşik her ýyl Watanymyzyň ähli künjeginden 18 ýaşa ýetmedik zehinli çagalaryň ýüzlerçesini bir ýere jemleýär. Şu ýyl ýörite diplomlara we ýadygärlik sowgatlara bäsleşigiň 99 gatnaşyjysy hem-de 4 sany döredijilik topary — “Joşgun” tans topary, “Galkynyş” çeper okaýyş topary, “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalar hory, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler mynasyp boldy.
Bu bäsleşik gyşky dynç alyş möwsüminde, paýtagtymyzda Täze ýyl mynasybetli esasy dabaralaryň ýaýbaňlandyrylýan günlerinde geçirilýär. Döredijilik bäsleşigi her ýyl ýurdumyzdan köp sanly täze zehinleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.