Sport
2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty: Türkiýe Bolgariýany ýeňdi, Latwiýa Andorradan geçip bilmedi
October 12, 2025 09:05 • UTC+5 (Ashgabat) • 30 views
2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty: Türkiýe Bolgariýany ýeňdi, Latwiýa Andorradan geçip bilmedi
Türkiýäniň futbol boýunça milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyl üçin saýlama tapgyrynyň çäginde myhmançylykda Bolgariýanyň ýygyndysyny 6:1 hasaby bilen ýeňdi.
Report habarlar gullugynyň maglumatyna görä, şol agşam sekiz duşuşyk geçirildi.
Latwiýa öz meýdançasynda Andorra bilen deňme-deň oýnap bildi – 2:2. Bu netije bilen Andorra saýlama tapgyrda ilkinji utuk gazandy. Şeýle hem, Serbiýa öýünde garaşylmadyk ýagdaýda Albaniýa garşy 0:1 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.
2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty
Saýlama tapgyry
11-nji oktýabr
E topary
- 22:45 – Bolgariýa – Türkiýe – 1:6
- 22:45 – Ispaniýa – Gruziýa – 2:0
F topary
- 20:00 – Wengriýa – Ermenistan – 2:0
- 22:45 – Portugaliýa – Irlandiýa – 1:0
I topary
- 20:00 – Norwegiýa – Ysraýyl – 5:0
- 22:45 – Estoniýa – Italiýa – 1:3
K topary
- 17:00 – Latwiýa – Andorra – 2:2
- 22:45 – Serbiýa – Albaniýa – 0:1