Ykdysadyýet
Ýanwar: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda $96,6 milliona deň boldy
March 2, 2026 16:22 • UTC+5 (Ashgabat) • 24 views

2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistan bilen Özbegistan arasyndaky söwda dolanyşygy 96,6 mln ABŞ dollaryna deň boldy.
Özbegistan Türkmenistandan 82,9 mln dollarlyk haryt import etdi, eksport bolsa 13,7 mln dollar boldy.
2025-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky umumy söwda 1,203 mlrd dollara ýetdi.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 2026-nji ýylyň ýanwar aýynda 96,6 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda maglumat berildi.
Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 82,9 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde Özbegistanyň Türkmenistana eksporty 13,7 million ABŞ dollaryna barabar boldy.
Özbegistanyň 2026-nji ýylyň ilkinji aýynda umumy daşary söwda dolanyşygy 5,8 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 29,2 göterim ýokarlandy.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 2025-nji ýylda 1,203 milliard ABŞ dollaryna deň boldy.