Jemgyýet
Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda nebit-gaz gatnaşyklary işjeňleşdirilýär
April 24, 2026 18:03 • UTC+5 (Ashgabat) • 9 views

Türkmenistan bilen Täjigistan nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdy. Duşuşykda geljekki bilelikdäki mümkinçiliklere aýratyn üns berildi.
Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Wafo Niýatbekzoda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebit-gaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Guwanç Agajanow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Täjigistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar nebit-gaz pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyk konstruktiw ýagdaýda geçdi diýlip, diplomatik wekilhananyň habarynda bellenilýär.