Ykdysadyýet
Ýanwar-noýabr: Türkmen-hytaý söwda dolanyşygy $9,1 milliarddan geçdi
January 5, 2026 16:02 • UTC+5 (Ashgabat) • 19 views

Ýanwar–noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 9,1 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Haryt dolanyşygynyň esasy bölegi türkmen tebigy gaz eksportynyň paýyna düşýär.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 9 milliard 164 million 931 müň ABŞ dollaryndan geçdi. Bu barada Hytaýyň gümrük gullugy habar berýär.
2025-nji ýylyň noýabr aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 821 million 203 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.
Haryt dolanyşygynyň köp bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Hytaýa jemi 7 milliard 720 million 177 müň dollarlyk önüm iberdi. Şol bir döwürde Hytaýdan import edilen harytlaryň möçberi takmynan 1 milliard 444 million 815 müň ABŞ dollaryna deň boldy.
Türkmenistanyň Hytaýa edýän eksportynyň esasy bölegi tebigy gaz bolup ol turbageçirijiler arkaly iberilýär.