Saglyk
Tebigy dermanhana: Turpuň ynsan saglygy üçin şypaly özellikleri
May 7, 2026 18:35 • UTC+5 (Ashgabat) • 9 views

Turp diňe bir tagamly gök önüm däl, eýsem saglyk üçin hakyky şypa çeşmesidir. Witaminlere we peýdaly maddalara baý bolan turp iýmit siňdirişini gowulandyrýar, immuniteti güýçlendirýär hem-de ýürek-damar ulgamyna oňyn täsir edýär.
Halkymyzda "Iýmitiň derman bolsun" diýen pähimli jümle bar. Gündogaryň bereketli saçaklarynyň, aýrylmaz bölegi bolan turp diňe bir tagam däl, eýsem hakyky şypa çeşmesidir.
Turp mineral maddalara, beloklara we uglewodlara örän baýdyr. Onuň düzüminde ynsan bedeni üçin zerur bolan C, B1, B2 ýokumlary (witaminleri), organiki turşulyklar we efir ýaglary bar. Esasanam ýaz paslynda bedende dörän witamin ýetmezçiligini (awitaminoz) aradan aýyrmakda turpy iýmit hökmünde ulanmak maslahat berilýär.
Meşhur lukman Gippokrat heniz gadymy döwürlerde turpuň bejerijilik häsiýetlerine ýokary baha beripdir. Ol turpy aşakdaky ýagdaýlarda ulanmagy maslahat beripdir:
- Üsgülewük we öýken keselleri: Dem alyş ýollaryny arassalamakda we sowuklamanyň öňüni almakda;
- Göz saglygy: Gözüň görejini kadalaşdyrmakda we görüş ukybyny saklamakda.
Turpuň düzümindäki ajymtyk glýukozidler we efir ýaglary bedendäki madda çalşygyna oňyn täsir edýär. Onuň bejerijilik özellikleri köpdürlidir:
- Iýmit siňdiriş: Içegäniň işjeňligini gowulandyrýar we iýmit siňdiriş mäzleriniň işini sazlaýar.
- Böwrek we peşew ýollary: Peşew ýollaryndaky duzlary eretmäge, böwrekdäki daşlaryň öňüni almaga ýardam berýär.
- Ýürek-damar ulgamy: Damarlaryň we ýüregiň işini kadalaşdyrmakda, bedendäki artykmaç çişleri aýyrmakda peýdalydyr.
Şypaly önümiň şiresi diňe bir içki agzalar üçin däl, eýsem daşky gözellik üçin hem ähmiýetlidir. Turpuň şiresi saçyň köklerini berkidýär we saçyň sagdyn ösmegine ýardam edýär.
Tebigatyň eçilen bu nygmatyndan ýerlikli peýdalanmak, derman-därisiz sagdyn durmuşyň girewidir.