Ykdysadyýet
Türkmen wekiliýeti Ýaponiýada geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy
March 6, 2026 17:20 • UTC+5 (Ashgabat) • 32 views

Türkmenistanyň wekiliýeti 2–3-nji martda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» mejlise gatnaşdy. Çärä halkara maliýe guramalarynyň wekilleri we ekspertler gatnaşdy. 💼🌏
Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2-3-nji mart aralygynda Tokio şäherinde geçirilen Bütindünýä Banky, Halkara Pul Gaznasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döredilen bilelikdäki başlangyç – «Salgyt boýunça hyzmatdaşlyk platformasynyň» çäklerinde «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy.
Mejlise halkara maliýe guramalarynyň wekilleri, dürli döwletleriň maliýe we salgyt edaralarynyň ýolbaşçylary, bilermenler hem-de halkara guramalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.
Mejlisiň esasy maksady döwletleriň salgyt syýasatyny kämilleşdirmek, salgyt ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ykdysady ösüşi goldamak ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybarat boldy. Şeýle hem çäräniň dowamynda ösüş ýolundaky ýurtlarda salgyt dolandyryşyny güýçlendirmek, maliýe serişdelerini netijeli peýdalanmak we aç-açan ykdysady gurşawy döretmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Gatnaşyjylar salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly salgyt dolandyryşyny gowulandyrmak we ykdysady ösüş üçin amatly şertleri döretmek boýunça tejribe alyşdylar.